Kiýewe urlan zarbalar "Azatlyk" radiosynyň býurosyna zyýan ýetirdi

Redaksiýanyň käbir otaglaryndaky penjireler döwüldi, käbir enjamlar zaýalandy. Ýaralanan ýok

28-nji awgusta geçilýän gije Russiýanyň Kiýewe eden howa hüjüminde “Azatlyk” radiosynyň Kiýew şäherindäki býurosynyň ofisine zyýan ýetdi. Edara jaýynyň otaglarynyň käbirinde penjire aýnalary döwüldi, käbir enjamlar zaýalandy. Ýöne hiç kim ýaralanmady.

Gözegçilik kamerasynyň sosial ulgamlarda peýda bolan wideo ýazgysy “Azatlyk” radiosynyň ofisindäki zaýaçylyga golaýda bolan partlamalaryň, iki raketanyň göni gelip urmagynyň sebäp bolandygyny görkezýär. Urlan zarbalar “Azatlyk” radiosynyň ofisinden gysga aralykda ýerleşýän raýat binalaryny nyşana aldy.

"Ukrainadaky wakalara şaýatlyk edýänlere hiç wagt zelel ýetmeli däldir. “Azatlyk” radiosynyň ofislerine zyýan ýeten hem bolsa, biziň bagtymyz getirdi, hiç bir işgärimiz ýaralanmady. Žurnalistlerimiziň öz möhüm işlerini dowam etdirjekdigine bil baglaýarys. Biziň pikirlerimiz bu hüjümlerde ölen we ýaralananlaryň maşgalalary bilen, şeýle-de ukrain halas edijileri bilen” diýip, Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Kiýewdäki býurosy

Hüjüm wagtynda Ýewropa Bileleşiginiň golaýdaky ştab-kwartirasyna-da zyýan ýetdi. Ýewropa Geňeşiniň başlygy António Kosta bu hüjümi ýazgardy.

“Ukrainskaia Pravda” gazeti 28-nji awgustda gazetiň ofisine-de zyýan ýetendigini, ýaraly bolanyň ýokdugyny habar berdi.

Rus goşunlary öten agşam Ukraina, şol sanda Kiýewe pilotsyz uçarlar we raketalar bilen uly hüjüm gurady. Iň soňky maglumatlara görä, Kiýewde çagalar bilen birlikde 15 adam öldürildi, 38 adam ýaralandy.

Ertir, 29-njy awgust, Kiýewde ölenler üçin ýas güni diýlip yglan edildi.