"Bu nähili çemeleşme?" Alyýew rus howpsuzlyk işgärleriniň azerileri gynap öldürendigini aýtdy

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew "Al-Arabiya" teleýaýlymyna 23 minutlyk interwiýu berdi. Gepleşigiň wideo ýazgysy 26-njy awgustda kompaniýanyň “YouTube” kanalynda peýda boldy, söhbetdeşligiň rus dilindäki ýazgysy döwlet eýeçiligindäki Azerbaýjan habar gullugy "AzerTajyň" web sahypasynda çap edildi.

Alyýewiň düşündiriş beren temalarynyň biri soňky aýlarda Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgin ýaramazlaşmagy barada boldy.

Munuň sebäbi Azerbaýjan howa ýollarynyň Groznynyň ýokarsynda Russiýanyň howa goragçylary tarapyndan urlan ýolagçy uçary, azerbaýjanly iki doganyň, Guseýn we Ziýaddin Safarowlaryň iýun aýynda Ýekaterinburgda Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edileninden soň ölmegi bilen bagly.

Ýöne Alyýew Moskwa bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýüz ýyllyk taryhyna hem degip geçdi.

"Iki adam gynaldy we öldürildi. Soň gelip gowşan resmi maglumatlarda olaryň ýürek keselinden ölendigi aýdylýar. Eger-de olar, ýadyşlary ýaly, 20 ýyl öň jenaýat eden hem bolsalar, olar adam ahyryn. Olara beýle çemeleşmek bolmaz-a. Bu nähili çemeleşme bolýar? Bu biziň halkymyza garşy görlüp-eşidilmedik hereket" diýip, Azerbaýjanyň prezidenti aýtdy.

Russiýanyň “Proekt” neşiri biraz öň Safarow meselesi bilen tanyş iki çeşmä salgylanyp, ol erkekleriň jyns agzalarynyň kesilendigini habar berdi. Azerbaýjan metbugaty hem öň Russiýanyň Azerbaýjana tabşyran jesetlerinde gynama alamatlarynyň bardygyny habar beripdi.

Alyýew, öz pikiriçe, Bakuwyň Russiýa bilen aradaky gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagy üçin özüni "jogapkär hasaplamaýandygyny", sebäbi "konstruktiw we kanuny taýdan jogap berýändigini, emma özlerine agressiýa ýa-da äsgermezlik alamatlaryna hiç haçan çydamajakdygyny" aýtdy.

AZAL uçar heläkçiligine Russiýanyň gatnaşygy barada aýdyp, Alyýew "rus resmileriniň bu hadysa bolan reaksiýasynyň Azerbaýjanda uly lapykeçlige we nägilelige sebäp bolandygyny” belledi.

Mundan başga, “Al-Arabiýa” bilen geçirilen söhbetdeşlikde Aleýew Azerbaýjanyň 1920-nji ýyllarda Sowet Soýuzyna girmegini okkupasiýa, ýagny basyp alyş diýip atlandyrdy.