Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kiýewe agyr zarba urdy,  ençeme adam wepat boldy


Kiýewe edilen raketa we dron hüjüminden soňky görnüş
Kiýewe edilen raketa we dron hüjüminden soňky görnüş

Ukrain paýtagty Kiýewe 28-nji awgust güni irden urlan rus zarbalary ençeme adamyň ölmegine, 38 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Kiýew häkimiýetleri 28-nji awgust güni irden Ukrainanyň köp ýerinde, şol sanda günbatarda, öň hatarlardan uzakda, paýtagtyň birnäçe ýerinde pilotsyz uçar we raketa hüjümleri netijesinde azyndan sekiz adamyň ölendigini, onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski relegramda azyndan sekiz adamyň, şol sanda bir çaganyň ölendigini tassyk etdi.

Ol harabalygyň aşagynda galan we heniz tapylmadyk adamlaryň hem bolmagynyň mümkindigini, onlarça adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

"Russiýanyň şu günki raketalary we hüjümçi dronlary dünýäde atyşygy bes etmäge we hakyky diplomatiýa çagyrýan her bir adama açyk jogap" diýip, Zelenski aýtdy.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçkonyň maglumatyna görä, Darnitskiý etrabyndaky ýaşaýyş jaýlaryna, şol sanda bäş gatly jaýa zyýan ýetdi, onuň bir bölegi doly ýumruldy.

Mundan başga, pilotsyz uçaryň galyndylary dokuz gatly binanyň üçegine gaçyp, ýangyn turmagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG